Microsoft Word Туркестанская Библиотека doc


Туркестанская Библиотека -  www.turklib.ru – Turkistan Library



Download 1,4 Mb.
Pdf ko'rish
bet8/50
Sana23.09.2021
Hajmi1,4 Mb.
#183019
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   50
Bog'liq
0705-Turkmen Xalq Ertekileri-Turkmence-Latin-58s

Туркестанская Библиотека -  www.turklib.ru – Turkistan Library

 

 



- Ýeri, alaçaňy sag-aman satdyňmy? - diýip soraýar. 

Hudaýberdi: 

- Aý, heleý, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady - diýip, ýüzüni aşak sallap oturyberýär. 

Onsaň onuň aýallary “Indi muny nätsekkäk?” diýip pikir edýärler. Ahyry ikisi dil düwşüp, muňa 

batyrlygy öwretjek bolup başlaýarlar. Bir gün agşam Hudaýberdi aýallaryna: 

- Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliň - diýýär. 

Aýallary hem: 

- Bolýar - diýip, muny mendana äkidýärler. 

Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana oturýar. Aýallarynyň hersi bir 

gapdalynda duran bolup, birden, ikisi hem gaçyp gaýdýarlar. Ikisi-de öýe girýär-de, şark-şurk 

işiginiň içinden urup, Hudaýberdini öýe salmaýarlar. Hudaýberdi gorkak bolsa daşarda: “Wah, 

heleý, işişgi aç, tilki meni öldürýär-le” diýip gorkupgygyrýar. Aýallary bolsa işigi açman, öýüň 

deşiginden syrygy uzadyp: 

- Al şunuň bilen tilkini uruber! - diýýärler. 

Hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap tilkini ýanyna getirmändir. Onsoň: 

- Aý heleýler, indi işigi açaýyň, indi meniň batyrlykda kemim galmady - diýip gygyrýar. 

Aýallary bolsa bir haýukdan soň, işigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne girip: 

- Ah, heleýler, şeýle batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman - diýýär. 

Şonlukda, günleriň birinde Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken. Onuň öňünden bir eşegiň 

türesi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýane-de gidiberýär welin öňünden bir pyşbaga 

çykýar, muny hem alýarda, goltugysa salýar. Ýene barýarka, öňünden bir meýdan horazy çykýar, 

muny hem goltugyna salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp, gidip barýarka, birnäçe 

döwüň üstünden barýar. 

Döwüler mundan: 

- Adyň näme? - diýip soraýarlar. 

- Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler. 

- Gel, onda otur. 

Ol oturýar. Muňa döwler: 

- Biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? - diýýärler. 

- Göreşerin - diýýär. 

Döwler öz diýýän pälwanyny çagyryp, Hudaýberdi bilen göreş tutdurmaga başlaýarlar. Bular 

göreş tutup ugraýarlar. Döwleriň pälwany Hudaýberdi pälwany gysyp, owradyp barýar diýýär. 

Munuň gözi peträp, asmana dikelip ugranda, döwleriň pälwany: 

- Ýeri, Hudaberdi batyr, näme ýokaryňa garaýarsyň? - diýýär. 

- Ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň ýanyndan gaýtarsamkam, şol 

hakda oýlanýaryn - diýýär. 

Onda döwleriň pälwany: 

- Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniň, tüýs pälwan ekeniň, näme gerek bolsa aýt, ýäne meni 

goýberseň bolýar - diýip aýdýar.  

Bular soňra Hudaýberdi gorkaga birnäçe zatlar berýärler. Onsoň Hudaýberdi: 

- Siz meniň bilen bitiňizi deňeşdirip bilermisiňiz? - diýýär. 

Döwler: 


- Gel, deňeşderseň - diýýärler. 

Döwler bir bit çykardylar weli, hakyt ýumruk ýaly bar diýýär. Hudaýberdi pälwan bolsa, hälki 

ýoldan alan pyşbagany çykaryp goýberiberýär. 

Döwler: 


- Bä, bu biziňkiň çeni-çaky däl eken-ow, gapak dagy baglap gidipdir-aý - diýişip, içlerini çekip, 

geň görüp, haýran bolup duranlar. 

Ondan soň Hudaýberdi: 

- Geliň indi bürämizi deňeşdireliň - diýýär. 

Döwler: 




Download 1,4 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   50




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©www.hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish